3-nji martda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, TDP-niň syýasy geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda woleýbol, küşt, gandbol, 3x3 basketbol, stol tennisi, ýeňil atletika, badminton, estafeta, tanap çekmek ýaly sport görnüşleri boýunça badalga berlen ýaryşyň ilkinji gününden başlan duşuşyklaryň her biri tolgundyryjy pursatlara baý boldy.
2020-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň, şeýle-de zenan mugallymlaryň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» ady bilen sport görnüşleri boýunça geçirilen bu ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Netijede, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty birinji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ikinji, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp bolmagy başardy. Ýeňiji bolan toparlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.