Soňky habarlar

Halkara zenanlar gününe bagyşlanan ýaryşlar

Şu gün (03.03.2020) Halkara zenanlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlaryň we talyplarynyň arasynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» diýen şygar astynda sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda guraldy.

Ýaryşlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda woleýbol, küşt, gandbol, 3x3 basketbol, stol tennisi, ýeňil atletika, badminton, estafeta, tanap çekmek boýunça geçirilýär.

Şeýle-de, eýýäm woleýbolyň ýeňijileriniň belli bolanlygyny bellemek gerek. Zenanlaryň arasynda geçirilen bu ýaryşyň netijesi boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty I orna, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty II orna, Türkmen döwlet Maliýe instituty III orna eýe boldy.

Woleýbolda birinjiligi eýelemegi başaran Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty şu gün gandbol boýunça geçirilen ýaryşyň netijesinde hem I orna eýe bolup ýeňişini baýram etdi. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty II orny, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem III orny eýeledi.

Tanap çekmek boýunça geçirilen ýaryşyň netijesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty I orna, Türkmen döwlet medeniýet instituty II orna, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty III orna eýe boldy.

Şeýle gyzgalaňly geçen ýaryşlaryň biri bolan küşt boýunça hem birinjiligi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty eýedi. D.Azady adyndaky türkmen milli dünýä diller instituty II orna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bolsa III orna mynasyp boldy.

«Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» diýen şygar astynda geçirilýän bu sport ýaryşlary mart aýynyň 5-ine tamamlanar.

Bibi GAÝLYÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.