Ýaşlary sporta çekmek, sagdyn-durmuş ýörelgesine eýermek, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaşlary höweslendirmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň 85-nji orta mekdebinde basketbol 3x3 hem-de stol tennisi boýunça okuw türgenleşik sapaklary geçirildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň önümçilik tejribesini geçýän talyplary okuw türgenleşigine tälimçilik etdiler.
Okuw türgenleşigi Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport insitutynyň bilelikdäki ylalaşylan meýilnamasy esasynda guraldy.
Roza SABUROWA,
TDBSI-niň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.