Soňky habarlar

«Sagdyn durmuş ýörelgesi – Arkadagyň göreldesi»

Daşoguz welaýatynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi – Arkadagyň göreldesi» diýen şygar astynda maslahat geçirildi.

Maslahat ýaşlarymyzy beýik watançylyk ruhunda, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerde terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy.

Bu dabara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň, Daşoguz welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, welaýatyň hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat bölümleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Gunça ORAZOWA,

TDBSI-niň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.