Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine degişli bolan pudak edaralarynyň işgärleri baharyň ilkinji dogan Gününi Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunda garşyladylar. Bu ýere sport ulgamynda zähmet çekýän zenan kärdeşlerimiz hem işjeň gatnaşdylar. Baharyň gelmegi bilen zenanlarymyzyň arzyly baýramy bolan Halkara zenanlar güni hem dabaraly bellenip geçilýär. Zenanlaryň saglyk ýolundaky ýörişi olarda ruhubelentlik, keýpiçaglyk döretdi.
Sport – sagdynlyk, sport – gözellik. Biziň ýurdumyzda gelin-gyzlaryň sport bilen meşgullanmagy bolsa, sagdyn eneligiň we sagdyn çagalygyň binýadyny kemala getirýär.
Ajaýyp paslyň ilkinji gününe hereket bilen gadam goýup, säheriň arassa dag howasyny kalbymyza dolduryp, paýtagtymyzyň gözelligine syn etmek her bir ynsanda geljek barada ýagşy arzuw-dilegleri oýarýar. Goý, bagtyýar döwrümizde sagdynlygyň sakasy bolan sporty ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Şirin ŞIRLIÝEWA,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär kätibi.