Soňky habarlar

Ýaşlar ýazy Saglyk ýolunda garşyladylar

Laçyn Kakamyradowa, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby:

– Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen biz ýaşlara okamaga, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikler döredildi.

Şu günki Saglyk ýoluna geçirilen köpçülikleýin ýöriş hem aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Biz hem ýörişden soň saglyk ýolunyň gözel keşbini kendir matanyň ýüzüne geçirdik.

Säheriň sergin howasynda, baharyň ilkinji gününde bu ýere gelmegimiz bize ýakymly duýgulary paýlady. Biz ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys.

Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt, umumyadamzat ähmiýeti tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

www.msy.gov.tm