Ogulmaral Şamyradowa, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy şekillendiriş sungaty hünäriniň 2-nji ýyllyk talyby:
– Şu gün baharyň ilkinji güni saglyk ýoluny ruhubelentlik bilen geçdik. Howanyň açyk, salkyn bolmagy has-da şähdimizi açdy. Saglyk ýoluny geçenimizden soň biz talyp ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandyk. Men hem öz deň-duşlarym bilen küşt oýnadym. Dagyň arassa howasynda küşt oýnamagyň özboluşly lezzeti bar. Bize okamaga, döretmäge, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hormatly Prezidentimiziň hut özi görelde bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!
www.msy.gov.tm