Soňky habarlar

Saglyk ýolunda baharyň ilkinji güni

Bahar pasly tebigatyň janlanýan, al-elwan dona bürenýän döwrüdir. Bu diňe tebigata däl eýsem, ynsan kalbyna hem öwüşgini çaýýar. Çünki tebigat adam bilen adam bolsa tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykdadyr.

Şonuň üçinem, Günüň elwan reňkde doguşyna, tebigatyň janlanyşyna, gülleriň gunçalaýşyna syn edip ynsan nädip ruhlanmasyn. Bu gözelligi — asmanyň ajaýyplygyny, sähranyň ümmülmezligini, älem-jahanyň görkanalygyny syn etmek ynsana aýratyn lezzet berýär.

Tebigatyň janlanyp başlan ilkinji gününde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen sport ulgamynyň wekilleri saglyk ýoluna ýöriş etdiler. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we onuň garamagyndaky sport desgalarynyň işgärleriniň, şeýle-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda guralan ýöriş guramaçylykly geçirildi.

Tebigatyň janlanýan gününi saglyk ýolunda garşylan sport ulgamynyň wekilleri bahar paslynyň buşlukçysy bolup daglardan öwüsýän tämiz şemala ýüzüňi ýelpedip, ýörişe gatnaşmagyň aýratyn täsiriniň bardygyny bellediler.

Saglyk ýolunda guralan ýaryşlar we görkezme çykyşlar bolsa baharyň ilkinji güni guralan çäräniň dabarasyny artdyrsa, suratkeş ýaşlar bu pursatlary öz çekýän suratlarynda janlandyrmaga çalyşdylar.

Gunça GURBANMÄMMEDOWA,

TDBSI-niň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.