«Şedewr» sözi fransuz dilinden terjime edilende «aňrybaş kämil eser» diýen manyny berýär. Şeýle eserler başga eserlerden nähili tapawutlandygyny bilýärsiňizmi? Bu sowala: «Ähli döwürlerde öz ähmiýetini saklap galýanlygy bilen» diýip jogap bermek bolar.
Ispaniýanyň super kubogynyň oýunlaryny (aslynda super kubok diňe bir oýundan ybarat bolýar. Araplar ony tutuş bir ýaryşa öwürdiler) özünde geçiren Saud Arabystany şu ýaryşy guramak bilen «el klassiko» öz ýurtlarynda tomaşa etmek isländiklerini gizläbem durmadylar.
Ýöne yklymdaşlarymyzyň ol arzuwy başa barmady. Netijede, ispanlaryň super kubogy Ispaniýanyň çempionyna-da, Ispaniýanyň kubogynyň eýesine-de nesip etmedi. Kubok gowşuryluş dabarasy hem Ispaniýada geçirilmedi. Geň gerek?!
Häzir alagada «Mançester Sitiden» utulanlar bilen «Napolyny» utup bilmedikleriň oýnuna hoş geldiňiz, diýsem nähili bolar? Meni ýalňyş fakt aýdýanlygymda günäkärläp bolmaz welin, futbol janköýerleri dogry aýtdyňam diýmez. Hatda «La ligada» iki utuk tapawut bilen birinji we ikinji orunda barýanlar diýsegem «el klassikodan» pes eşdilýär, olam geňmi?
Çünki bu «el klassiko» şedewr eser kysmy bir duşuşyk. Ol nirede oýnalýandygyna we oňa gatnaşýan komandalaryň nähili ýagdaýdalygyna garamazdan, öz ähmiýetini saklap galýar. Hatda baran ýaryşynam dabaralandyryp berýär.Janköýerleriň ýürek gürsüldisini diňläp göreli: «Bu hüjüm bilen «Reala» kyn bolar», «Bu gorag bilenem «Barselona» aňsat düşmez»... Messiniň «La ligadaky» dört sany «golsuz oýun serýasyny» bir oýunda dört gol geçirip bozanlygyny ýatladaýyn ätiýaçdan. Başga hasaplamalary okamagy özümem söýmeýänim sebäpli size-de rowa göremok.
«El Klassikonyň» tagamyna el degirmäli. Öňi-soňy naýbaşy eserler hasaplamalardan we ýaryşlardan bir gez ýokarda bolýar. Gowusy Ispaniýa baharyň gelşini bilelikde synlaly!
2020-nji ýylyň 1-nji martynda «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda futbol oýunlarynyň naýbaşy duşuşyklarynyň birine tomaşa ederis! Bu pursaty baharyň birinji aýynyň birinji gününde biz bilen garşylaň!
Merdan BAÝAT,
sport synçysy.