Stambul şäherinde (Türkiýe) Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary Azat Myradow we Türkiýäniň olimpiýa komitetiniň Baş sekretary Neşe Gündogan özara düşünişmek barada Memoranduma gol çekdiler.
Bu resminama türgenleri özara goldamaga hem-de sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge gönükdirilendir. Ylalaşygyň çäklerinde iki ýurduň Milli olimpiýa komitetleri türgenleriň we tälimçileriň arasynda başlangyçlar we pikirler bilen paýlaşmak maksady bilen bilelikdäki maslahatlary we okuwlary gurarlar.
Şonuň ýaly-da, olar bilelikde türgenleşikleri geçirerler, türgenleşik geçmegiň, şikeslenmeleriň öňüni almagyň we türgenleri iýmitlendirmegiň usullary boýunça toplanan tejribeler bilen paýlaşarlar. Ondan başga-da, Milli olimpiýa komitetleri milli sport federasiýalarynyň eminleriniň hünär taýdan özmegine hem-de halkara sertifikatlaşdyrylmagyna gönükdirilen okuwlary maslahatlary gurarlar.
Azat Myradow Türkiýäniň Olimpiýa komitetiniň prezidenti we Halkara olimpiýa komitetiniň wise-prezidenti professor, doktor Ugur Erdener bilen hem duşuşdy. Taraplar Türkmenistanda sportuň ösdürilişi barada pikir alyşdylar.
www. olympic.tm