Soňky habarlar

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp gelin-gyzlarynyň arasynda «Gyz edebi – il edebi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

 Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda geçirilen maslahatynda edep-terbiýäni, milliligimizi, maşgala terbiýesini wagyz etmek, milli mirasymyzy sarpalamak boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen çärä halypa zenanlar işjeň gatnaşdylar.

Örän täsirli geçen wagyz-nesihat duşuşykda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýaşulular geňeşiniň agzasy, ilkinji zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy Ogulnabat Ogulakowa, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Halk Maslahatynyň agzasy, ilkinji zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy Jumagözel Şamyradowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Läle Annamyradowa dagylar çykyş etdiler. Olar özleri hakyndaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

www.msy.gov.tm