Soňky habarlar

«Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiadanyň düzzüm ýaryşy

Ýurdumyzyň orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň  arasynda «Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiadanyň ýaryşlary ýokary guramaçylykda geçirilýär. Häzirki wagtda Spartakiadanyň düzümine girýän aglaba sport görnüşeriniň ýeňijileri belli boldy.

Şeýle ýaryşlaryň biri hem düzzüm boýunça tamamlanan bäsleşikdir. Bu ýaryş Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde oglan we gyzlaryň arasynda guraldy. Ýaryşa her toparda 2 gyzdan, 2 oglandan ybarat bolan jemi 11 topar gatnaşdy.

  Oglanlaryň arasynda gyzgalaňly geçirilen ýaryşyň netijesi boýunça D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk  mekdebi I orna, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi II orna, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi bolsa III orna mynasyp boldylar.

Gyzlaryň arasynda bolsa Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik  ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi I orna, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi II orna, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk  mekdebi bolsa III orna eýe bolmagy başardylar.

Ýazbike ÖWEZOWA,

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirlen Küşt we şaşka mekdebiniň mugallymy.