Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Toparlarymyz ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler

Nobatdaky möwsümiň öňüsyrasy taýýarlyk işlerini geçirýän Ýokary liganyň wekili, şeýle-de, ýaşlar toparlarymyz ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler.

Paýtagtymyzyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň futbol meýdanynda geçirilen duşuşykda «Aşgabat II» hem-de «Altyn Asyr II» toparlary güýç synanyşdy. Bu duşuşykda ýer eýesi hökmünde çykyş eden «Aşgabat» toparynyň ýaşlar düzümi 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu duşuşykdan soňra paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Marynyň «Merwi» Gökje ýaşaýyş toplumynyň sport desgasynda «Altyn Asyr» toparynyň ýaşlar düzümi bilen duşuşdy. Bu duşuşyk 2:1 hasabynda «Altyn Asyr II» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Paýtagtymyzyň toparyna ýeňiş getiren toplary Şamämmet Hydyrow öz adyna ýazdyrdy. «Merwiň» ýeke-täk topuny bolsa 11 metrlik urgusyndan Begenç Alamow geçirmegi başardy.

www.tff.com.tm