«Ahalyň» bir bada iki futbolçysy Özbegistanyň «Kyzylkum» toparyna geçdi. Bularyň ikisem milli ýygyndymyzyň agzalarydyr. Olar Abdy Bäşimow we Wezirgeldi Ylýasow. Ildeşlerimiz häzirki wagtda täze toparynyň düzüminde Türkýede okuw türgenleşigini geçýärler. Olar Gazagystanyň «Aktobe» topary bilen oýunda esasy düzimde meýdança girdiler we bu oýunda «Kyzylkum» 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Hamidjon Aktamowyň tälim berýän «Kyzylkum» topary, täze möwsüme 1-nji martda «Nasaf» bilen boljak oýun bilen başlar. Ýeri gelende Abdy Bäşimowyň uly futbola gelenine köp wagt bolmazdan milli ýygynda alnyp, yzýanyndanam legioner futbolçy bolandygyny belläp geçmelidir.
Taýýarlan Merdan BAÝAT,
sport synçysy