Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ahally mekdep okuwçylarynyň woleýbol ýaryşy

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiadanyň çäklerinde, orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Bu barada «Ahal durmuşy» gazeti habar berdi.

Bu ýaryşyň welaýat tapgyry Änew şäheriniň merkezindäki sport mekdebinde geçirilip, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasty Baş müdüriligi, welaýat Baş bilim müdürligi hem-de TMÝG-nyň welaýat geňeşi bilen bilelikde gurnaldy.

Çekeleşikli ýaryşda güýçli toparlar tapawutlanyp, Bäherden etrabynyň topary birinji orna, Sarahs etrabynyň topary ikinji we Kaka etrabynyň topary üçünji orna mynasyp boldy.

Ýeňijilere hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy we birinji orna mynasyp bolan topar döwlet derejesindäki jemleýji ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy.