Soňky habarlar

Türkmenistanyň milli sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde 2019-njy ýylyň jemi boýunça ýurdumyzda hereket edýän sport görnüşleri boýunça milli federasiýalar we merkezler bilen mejlis geçirildi. Mejlise milli sport federasiýalarynyň we merkezleriniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda çykyş edenler Türkmenistanda bedenterbiýe we sporty ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän ajaýyp şertler we ol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň ýollary barada öz pikirlerini beýan etdiler hem-de bu babatda öz tekliplerini orta atdylar. Husasan-da, Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlaşdyrmak barada öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmek ugrynda ýerine ýetirýän işler hakynda durulyp geçildi.

Şonuň bilen birlikde Mähriban Arkadagymyzyň ýurduň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirlen tagallalarynyň pudagyň ähli işgärlerini has uly işleri amala aşyrmaga borçlandyrýanlygy nygtaldy. Ýurdumyzda hereket edýän sport görnüşleri boýunça milli federasiýalarynda we merkezlerinde 2019-njy ýylda umumy öňe gidişligiň gazanylanlygyna garamazdan, milli federasiýalarda we merkezlerde ýurtda sporty ösdürmek işinde entek edilmeli işleriň känligi, ol işleri amala aşyrmagyň netijeli ýollaryny gözlemekligiň zerurdygy ýüze çykaryldy.

Häzirki döwürde sportda gadagan edilen derman serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak, türgenleriň saglygyny goramak, arassa sporta höweslendirmek, Bütindünýä dopinge garşy kodeksiniň kadalaryny berjaý etmek döwrüň derwaýys meselesine öwrüldi. Bu häzirki zaman sporty üçin iňňän wajyp işi amala aşyrmakda sport görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň we merkezleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri çözmek üçin milli federasiýalaryň we merkezleriň öňünde ýerine ýetirilmeli wajyp işler kesgitlenildi.

Gurbangeldi MÄMETSÄHEDOW,

«Türkmenistan sport» halkara žurnaly.