Täze möwsüme taýýarlyk görýän türkmen toparlary häzirki wagtda türgenleşik işine giň gerim berýärler. «Altyn asyr», «Ahal», «Şagadam» Türkyýede okuw ýygnanyşygyny geçirse, galan toparlarmyz ýurduň içinde taýýarlyk işlerini alyp barýarlar.
Daşary ýurtda türgenleşik alyp barýan toparlarymyz halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyňam birnäçesini geçirdiler. Esasanam «Ahal» toparynyň geçiren oýuny bellärliklidir. «Ahal» topary meşhur futbolçy Andreý Kançelskisiň tälimçilik edýän toparyna garşy çykyş etdi.
Russiýaly Andreý Kançelskis futbolçy döwründe Angilýanyň «Mançester Ýunaýted», «Ewerton», «Mançester Siti», «Sautgempton» toparlarynda we Italýanyň «Fiorentinasynda» çykyş edipdi.
Häzirki wagtda onuň tälim berýän Özbegistanyň «Nowbahar» topary öz öňüne çempionlygy maksat edip goýupdyr. Olar ýoldaşlyk duşuşygynda 1:0 hasap bilen üstün çykdylar.
Merdan BAÝAT,
sport synçysy