Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Deňiz kenaryndaky şäherde gyzgalaňly geçen ýaryş

Ýakynda Balkan welaýatynda woleýbol boýunça gyzlaryň arasynda ýaryş geçirildi. Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy orta mekdebinde guralan bu ýaryşa okuwçylar işjeň gatnaşdylar.

Gyzlaryň arasynda geçirilen bu ýaryşyň baýrakly orunlaryny Türkmenbaşy şäheriniň okuwçylar toparynda düzülen orta mekdepler öz arasynda paýlaşdylar. Netijede 5-nji orta mekdep I orna, 2-nji orta mekdep II orna, 4-nji orta mekdep hem III orna mynasyp bolmagy başardy.

Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan»  Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy.

www.msy.gov.tm