Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Basketbol boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi tamamlandy

Golaýda basketbol boýunça oglanlaryň arasynda Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryş Türkmenabat şäheriniň 33-nji orta mekdebinde guraldy. Welaýatyň orta mekdep okuwçylary birinjilik ugrynda güýç synanyşdylar.

  Geçirilen bu ýaryşyň netijesi boýunça 7-nji orta mekdep I orna, 32-nji orta mekdep II orna, 29-njy orta mekdep bolsa III orna mynasyp bolmagy başardy.

Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy.

www.msy.gov.tm