Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebinde döredijilik festiwaly geçirildi. «Arkadagly, Garaşsyz, Bitarap eziz Diýarymyzyň watansöýer, sagdyn, bilimli bagtyýar nesilleri» diýen şygar astynda guralan bu dabara orta mekdepleriň okuwçylary we türgenler gatnaşdy.
Döredijilik festiwalynda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirilen goşgular we aýdymlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, zyýanly endiklerden daşda durmak maksady bilen geçirilen bu çäräni Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilelikde gurady.
Festiwala işjeň gatnaşan okuwçylara we türgenlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar hem-de höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.