Şu gün (15.02.2020) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda talyp ýaşlar bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän sport ulgamynyň abraýly weteranlarynyň duşuşygy guraldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D. Gulgeldiýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda: «Hormatly Prezidentimiziň sporty dabaralandyrýan döwründe ýaşlary pederlerimiziň gahrymançylyk, batyrgaýlyk, mertlik, ugurtapyjylyk ýaly gylyklaryny terbiýelemekde ýaşuly nesliň mynasyp paýy bar. Ömrüniň aglaba bölegini sporta bagyşlan sport weteranlary bilen şeýle duşuşyklaryň ýygy-ýygydan guralmagy olaryň geljekki halkara ýaryşlarynda has ynamly çykyş etmäge ýardam berer» diýip nygtady.
Dabaranyň ahyrynda welaýatlardan we paýtagtymyzdan gelen sport weteranlary Tokioda guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýan türkmen türgenlerine ak ýürekden üstünlik arzuw etdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soň ýokary okuw mekdebiniň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerine bagyşlanyp toý sadakasy berildi.
Sport weteranlary bilen duşuşyk Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan bilelikde guraldy.
Şirin ŞIRLIÝEWA,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.