Soňky habarlar

«Sportum bar, bardyr bedenterbiýäm, olar Arkadagdan alan terbiýäm»

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda ýaşlary sporta çekmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, «Sportum bar, bardyr bedenterbiýäm, olar Arkadagdan alan terbiýäm» ady bilen Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi hem-de «Olimp» orta sport mekdebi bilelikde maslahat geçirdi. 

Maslahata Ýaş olimpiýaçylary taýarlaýyş mekdebiniň, «Olimp» orta sport mekdebiniň mugallymlary, tälimçileri we okuwçy-türgenleri, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň jogapkär işgäri gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadygymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler  barada gürrüň berdiler. Olar ýaşlarymyzyň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanmak ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleri belläp, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ylym-bilim we sport babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek barada alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Maslahatyň soňunda Hormatly Prezidentimize sport ulgamyny ösdürmekde alyp barýan işleri üçin alkyş bolsun aýdyp, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

www.msy.gov.tm