Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

 Türkmen milli göreşi boýunça birinjilik geçirildi

 Türkmenistanyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda Gökdere jülgesindäki «Nesil» çagalar dynç alyş hem-de «Beýik Serdar nesilleri» sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde Türkmen milli göreşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi.

Ýaryşa welaýatlardan hem-de Aşgabat şäherinden jemi 6 topar gatnaşdy. Ýaryşyň netijeleri boýunça umumylykda Ahal welaýatynyň ýygyndy topary 1-nji orny, Daşoguz welaýatynyň ýygyndy topary 2-nji orny, Balkan welaýatynyň ýygyndy topary 3-nji orny eýeledi.

Ýaryşyň guramaçylykly geçirilmegine Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasynyň hünärmenleri Şöhrat Orazow, Muhammetmekan Kakyşow hem-de Käbegül Begmyradowa işjeň gatnaşdylar.

Türkmen milli göreşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligi Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

www.msy.gov.tm