Soňky habarlar

 «Olimp» orta sport mekdebinde guralan dzýudo birinjiligi tamamlandy

Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Olimp» orta sport mekdebinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçirilen dzýudo boýunça «Olimp» orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi üstünlikli tamamlandy. Bu barada «Olimp» orta sport mekdebiniň Sport bölümi habar berýär.

2003, 2004 we 2005-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasyndaky bäsleşiklerde Ahal, Balkan, Lebap welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň türgenleri, şeýle-de Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdep internatynyň, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Olimp» orta sport mekdebiniň dzýudoçylary çykyş etdiler.

Ýaryşda I orna mynasyp bolan türgenler

42 kg: Ali Agamämmedow («Olimp» orta sport mekdebi);

46 kg: Wepa Batyrow («Olimp» orta sport mekdebi);

50 kg: Hemra Baýrammyradow (2-nji sport mekdep);

55 kg: Diýar Derýagulyýew (Mary welaýaty);

60 kg: Serdar Rahymow («Olimp» orta sport mekdebi);

66 kg: Isa Gaýradow («Olimp» orta sport mekdebi);

73 kg: Atajan Ahmetjanow («Olimp» orta sport mekdebi);

81 kg: Hangeldi Ataýew («Olimp» orta sport mekdebi);

+81 kg: Sanjar Baýmyradow («Olimp» orta sport mekdebi);

www.msy.gov.tm