Soňky habarlar

Ýaşlar sporty hemra edinýärler

Türkmenistan döwletimiz sportyň iň bir pajarlaýan ýurduna öwrüldi. Baky Bitaraplyk syýasatyny ileri tutýan eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň batly menzillerinde öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň  il bähbitli ýurt ähmiýetli möhüm çäreleri yzygiderli geçirip durmagynyň özi eýýäm ýurduň abadançylygyny, ösüşini, raýatlaryň bagtyýar ýaşamagyny, ýaş nesilleriň kämil bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän bimöçber aladalaryndan nyşandyr. Ýaňy- ýakynda  hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda sportuň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döredildi, sagdyn durmuş kadalaryň ileri tutulýan ugur bolup durýandygy yglan edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda «Sportuň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi üçin, durmuş taýdan hem, ykdysady  babatda hem, saglygy goraýyş  ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolmalydyr we bolmagynda galýar» diýip, sargyt etdi.

Ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmegi göz öňünde tutýan milli  sportumyzy we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmelidigini hem-de  iň täze, has kämil usullarynyň  we tehnologiýalary, ylmyň şeýle hem  tehnikanyň soňky gazananlary bilen üpjün etmekligi öwran-öwran belläp, hormatly Prezidentimiz bu ugra bolan ünsüni has-da ýokarlandyrdy. 

Ýaşlar syýasaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da  dabaralanýar. Türkmen geljegini gurjak belent maksatly ýaşlaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, kämil şahslar bolup ýetişmekleri ugrunda Diýarymyzda uly işler alnyp barylýar. Esasan hem ýaşlary köpçülikleýin  sporta çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde netijeli çäreleri geçirmek ýurdumyzda esasy ýörelgeleriň birine öwrüldi.

Döwletimiziň iri sport desgalary bilen birlikde, iň bir çetde ýerleşýän oba-şäherlerimizde hem sport mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi edilýän beýik işleriň aýdyň netijeleri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň mekanyna öwrüldi.

 Sadap MUHAMOWA,

žurnalist.