Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ahal welaýatyndaky futbol bäsleşigi

Babadaýhan şäheriniň sport mekdebinde futbol boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirilenligi barada «Ahal durmuşy» gazetinde çap edilipdir.

Edara-kärhanalaryň sport toparlarynyň arasynda bolan gyzykly ýaryş etrabyň sport we ýaşalar syýasaty bölümi hem-de TDP-niň etrap komiteti tarapyndan bilelikde guraldy.

Futbol ýaryşynyň jemi boýunça etrap sport mekdebiniň futbolçylary I orna mynasyp boldy. II orny etrabyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň topary, III orny etrap hassahanasynyň futbol topary eýeledi.

Futbol ýaryşynda ýeňiji bolan toparlar TDP-niň etrap komitetiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.