Mukam HOJAGELDIÝEW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby:
– Säher bilen Saglyk ýoluny geçmegiň özboluşly täsiri bar. Men sportuň welosport görnüşi bilen meşgullanýan. Saglyk ýolunyň tämiz howasy ilki bilen şähdiňi açýar. Bedeniňi berkidýär.
Meniň meşgullanýan sport görnüşimde, esasan-da, aýagyň güýçli bolmagy gerek. Biz şonuň üçin Saglyk ýoluna yzygiderli gelýäris. Bellenilen aralyklara bäsleşikleri guraýarys. Şu gün hem bu ýerde baýramçylyk howalasy höküm sürdi.
Deň-duşlarym Saglyk ýoluny uly ruhubelentlikde geçdiler. Meniň paýyma bolsa görkezme çykyşlara gatnaşmak düşdi. Türkmen sportunyň Hak Howandary, her bir işde bize görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys!