2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi, onuň çäklerinde bolsa aýdym-sazly dabara we görkezme çykyşlar guraldy.
Saglyk ýolynyň sekiz kilometrlik ýörişi Aşgabadyň gündogar tarapynyň Giňdiwar depesiniň eteginden başlandy. Köpçülikleýin ýörişe mugallymlar, talyplar, şeýle-de türgen talyplar işjeň gatnaşdylar.
Ýörişden soňra türgenler sport ýaryşlarynda çykyş etdiler. Olar görkezme çykyşlarynda hem, milli oýunlar boýunça guralan ýaryşlarda-da, sportuň beýleki görnüşlerini wagyz edýän bäsleşiklerde-de deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başardylar.
Aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary Saglyk ýoluna guralan ýörişe we bu ýerdäki dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
www.msy.gov.tm