Soňky habarlar

Saglyk ýoly — ruhubelentligiň başlanýan ýeri

Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň saglygyny berkitmek we dynç almak üçin barýan ýerleriniň biri Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoludyr. Dag eteginiň tämiz howasynyň ýakymy, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýän künjek ol ýere baranlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. 2020-nji ýylyň 8-njy fewralynda hormaty Prezidentimiziň Saglyk ýoluna çykmagy paýtagtymyzyň müňlerçe ýaşlaryny ruhlandyrdy. Şeýlelikde, ýekşenbe güni (09.02.2020) säher bilen Saglyk ýoluna ýöriş guraldy.

Saglyk ýolunda ýörişiň başlanýan ýerinde ol ýere baran ýaşlar, talyplar, mugallymlar bilen pikir alyşdyk. Olar özlerinde galan täsirleri, ýaz gününi ýatladýan ýakymly pursatlary biz bilen paýlaşdylar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Bibi Gaýlyýewa Saglyk ýoluna talyplar bilen yzygiderli geländigini, bu ýerde geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlarynyň ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş berýändigini, çünki Saglyk ýolunyň ruhubelentligiň başlanýan ýeridigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalara wekilçilik edýän ýaşlaram, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerem öz täsirlerini gürrüň berdiler. Sebäbi ýurdumyzda sportda gazanylýan üstünlikleri wagyz edýän her bir adam bu işe işjeň gatnaşmak bilen öz şahsy goşanyny goşýandygyna düşünýärler. Olar bu işde Gahryman Arkadagymyzyň özlerine görelde bolýandygyny we her bir işe has höwesli ýapyşmaga ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen gürrüň berýärler.

Hojaberdi APBAÝEW,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.