Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasyndaky «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI sport ýaryşlary janköýerlerde gyzyklanma döredýär.
Bu ýurt möçberli ýaryşlaryň çäklerinde woleýbol boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri belli boldy. Bäsleşikler iki toparda guralyp, I topar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, II topar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda özara güýç synanyşdy.
Çekeleşikli geçen ýaryşlaryň netijesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň woleýbolçy gyzlary ýeňişlerini baýram etdiler.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy bu bäsleşikleriň guramaçysy bolup çykyş edýär.
I orun: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty
II orun: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
III orun: D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Hoşgeldi SERDAROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.