Soňky habarlar

Stol tennisi boýunça bäsleşikler

Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasyndaky «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI sport ýaryşlary dowam edýär. Bu ýurt möçberli ýaryşlaryň çäklerinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça  (zenanlar we erkekler) bäsleşikleriň ýeňijileri belli edildi.

Bäsleşikler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport meýdançasynda guraldy. Erkekleriň arasynda hem, zenan türgenleriň bäsleşiklerinde hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýeňiji boldy.  

Stoluň üstünde oýnalýan tennis (erkekler)

I orun: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

II orun: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

III orun: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Stoluň üstünde oýnalýan tennis (zenanlar)

I orun: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

II orun: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

III orun: Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk instituty

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy bu bäsleşikleriň guramaçysy bolup çykyş edýär.

www.msy.gov.tm