Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Basketbol we gandbol bäsleşikleri

Ak bugdaý etrabyndaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirlen 27-nji orta mekdebinde sport çäresi geçirildi, diýip «Ahal durmuşy» gazetinde habar berilýär.

Okuwçylar basketbol, gandbol ýaly oýunlar boýunça guralan ýaryşa işjeň gatnaşdylar.

Bäsleşikleri «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport gurmasynyň welaýat bölümi, Ahal welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Ahal welaýatyň Baş bilim müdirligi gurady.