Futzal boýunça milli ýygyndymyz häzirki wagtda paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Milli ýygyndymyzyň düzümindäki her bir adam okuw-türgenleşikleriniň, ýoldaşlyk duşuşyklarynyň şowly geçmegi üçin saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri hem futzal boýunça milli ýygyndymyzyň lukmany Kyýas Hajyýewdir.
– 2014-nji ýylda men «Altyn asyr» futbol toparynda, 2016-njy ýylda «Aşgabat» futbol toparynda, 2018-nji ýylda bolsa «Ahal» futbol toparynda işledim. 2019-njy ýyldan bäri hem futboldyr futzal boýunça milli ýygyndynyň lukmany bolup zähmet çekýän – diýip, lukman alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.
– Biziň esasy wezipämiz oglanlaryň sagdyn, berk bedenli, dogry türgenleşmeklerini gazanmak bolup durýar. Oglanlaryň iýýän naharlarynyň ölçeglerine, ýagny her günki möçberine, düzümindäki ýokumly goşundylaryna gözegçilik edýäris. Türgenleşigiň ýa-da ýaryşlaryň dowamynda dowamynda ýüze çykýan şikesleri öz ýerinde seredýäris. Eger düýpli seretmegi talap etse ýörite merkezlere alyp gidýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň sport lukmançylygynyň kämilleşmegi ugrunda durmuşa geçiren işleriniň netijesinde biziň mümkinçiligimiziň örän uludygyny aýratyn bellemek gerekdir...
Sadap MUHAMOWA
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby.