Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly tennisçilerň Bahreýndäki üstünligi

Halkara Tennis federasiýasynyň guramagynda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde halkara tennis ýaryşy geçirilip, onuň jemi boýunça türkmenistanly tennisçiler baýrakly orny eýelediler.

2020-nji ýylyň ösüş çempionatynyň Günbatar we Merkezi Aziýa sebitleri boýunça 14 ýaş we ondan kiçi bolan türgenler üçin saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň agzalary netijeli çykyş etdiler.

Halkara ýaryşynyň jemi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary Selim Pirjikow bilen Merýem Muhammerowa 3-nji baýrakly orna mynasyp boldular.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylyny halkara ýaryşyndaky üstünlikli çykyşy bilen başlan türkmen tennisçilerine rowaçlyk arzuw edýäris!

www.msy.gov.tm