«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sportuň futzal görnüşini has-da ösdürmek, Ahal welaýatynyň birinjiligine gatnaşmak üçin güýçli oýunçylary saýlamak maksady bilen futzal boýunça Ak bugdaý etrabynyň açyk birinjiligi geçirildi.
Ýaryşy TKA-nyň Ak bugdaý etrap birleşmesi we Ak bugdaý etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilelikde guran bäsleşigi Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde ýaýbaňlandyryldy.
Çekeleşikli geçen bäsleşikler ýaşlaryň örän taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Toparlar ýeňiş gazanmak üçin elinden gelenini etdiler. Netijede finala «Ak bugdaý» hem-de «Gämi» toparlary çykdy. Oýnuň dowamynda tomaşaçylar derwezeden geçirilen 14 topuň şaýady boldular. «Gämi» toparynyň oýunçylary garşydaşlaryndan 9:5 hasabynda üstün çykmagy başardylar.
Hormatly üçünji orun ugrundaky bäsleşikde «Serhetçi» topary «Kaka» toparyndan 11:6 öňe saýlandy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Ak bugdaý etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Hormat hatlary we TKA-nyň etrap birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.
Garrygul GARRYGULOW,
Ak bugdaý etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy.