Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde sportuň sambo we söweş sambo görnüşleri boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa ähli welaýatlardan hem-de Aşgabat şäherinden ezber türgenler gatnaşdylar. Şolaryň arasynda biziň institutymyzyň talyplary hem bolup, olar ussatlyk bilen çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Şöhrat Pirkulyýew söweş sambo görnüşi boýunça 68 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji, Gylyçmyrat Geldiýew bolsa sambo görnüşi boýunça 57 kilograma çenli agramda çykyş edip, 3-nji orny eýelemegi başardy.
Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplarymyza Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. Talyp ýaşlarymyzyň şeýle ýeňşi diňe bir olaryň özlerini däl, eýsem, bütin institutymyzyň mugallymlarydyr talyplaryny, diýseň, buýsandyrdy.
Ataş GANDYMOW,
TDEI-niň mugallymy.
(«Maru-Şahu jahan» gazeti: 09.01.2020)