Soňky habarlar

Körpeler bilen sport maşklary ýerine ýetirildi

Ýurdumyzyň körpe nesilleriniň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, sporta bolan söýgüsini artdyrmak, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli gurnamak işleriniň çäklerinde körpeler bilen degişli işler yzygiderli geçirilip durulýar.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Yaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda we çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda bedenterbiýe maşklary guraldy.

Bedenterbiýe maşklaryny gurnamakda «Türkmenistan» Yaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni Şöhrat Orazowyň işjeňlik görkezendigini we olary alyp barandygyny aýtmak gerek.

Körpe nesliň bedenterbiýe maşklaryny endige öwürmegi we sporta gyzyklanmagy üçin geljekde-de meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär.

www.msy.gov.tm