Soňky habarlar

 «Bagtyýarlykda» aýdym-sazly dabara boldy

Gyşky dynç alyş möwsüminde «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bolýan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Biziň geljegimiz bagtyýar çagalardyr» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň hem-de Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde geçiren çäresi Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyna bagyşlanyldy. Çagalaryň öňünde Türkmenabat şäher medeniýet öýüniň bagşylar topary, orkestri çykyş etdiler. Sungat ussatlary gysga sahna oýunlaryny hem görkezdiler.

Şu günler «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 200 töweregi çaga dynç alýar we saglygyny berkidýär. Bu ýerde olaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Mekdep okuwçylarynyň dünýägaraýşyny giňeltmek, welaýatyň taryhyny öwretmek, edebi gymmatlyklar bilen tanyşdyrmak boýunça hem maksada laýyk işler alnyp barylýar. Olar bilen dürli medeni we sport çäreleri, bäsleşikler geçirilýär, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Amul galasyna we beýleki ýerlere gezelençler guralýar.

www.jeyhun.news