Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdepde mugallymlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça Daşoguz şäher birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi.
Gyzykly geçen ýaryş ökdeleri öňe saýlady. Onda Daşoguz şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň mugallymlaryndan düzülen topar birinji ýeri eýelemegi başardy. 13-nji orta mekdebiň topary ikinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň mugallymlary üçünji ýere mynasyp boldular.
Ýaryşyň ahyrynda onuň ýeňijileri ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bahadir SAIDOW,
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň hünärmeni.