Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Kämillik ýolunda

Ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny emele getirýän mekdepleriň uçurymlary milli sportuň taryhy sahypalaryny ýazjak ussatlar hökmünde kämilligiň täze tapgyrlaryna gadam goýýarlar. Bu barada golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde geçirilen bilim ojagyny tamamlan uçurymlara orta bilim we hünär taýýarlygy hakynda şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasynda hem uly buýsanç bilen bellenildi.

Ýeri gelende bellesek, mekdebiň okuwçy-türgenleri 1 – 17-nji iýun aralygynda döwlet synaglaryny tabşyrdylar. Olaryň synaglardan üstünlikli geçmekleri bilimli, sowatly ýaşlaryň, ajaýyp ýeňişleri bilen Watana şan getirjek ussatlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini tassyklaýar. Şonuň üçin hem, orta bilim we hünär taýýarlygy hakynda şahadatnamalaryny ellerine alan ýaşlaryň kämilligiň täze tapgyrynyň bosagasynda ýürek buýsançlaryny paýlaşmaklary türkmen sportunyň ösüşleriniň dowamata beslenjekdiginiň nyşanyna öwrüldi. Çünki mekdebi tamamlaýan ýaş türgenleriň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ykjam türgenleşmekleri, kämilleşmekleri hem-de halkara arenasynda ýaşyl Tugumyzy galdyrmagyň hötdesinden gelmekleri olaryň ata Watanymyza, ene topragymyza söýgüsiniň beýanydyr. 

Dabarada täze sepgitlere, sport üstünliklerine we kämilligiň indiki tapgyrlaryna tarap rowana bolýan okuwçy-türgenlere ak ýol arzuwlanyldy.

«Türkmen sporty» gazeti