Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni 

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni uly ruhubelentlik we dabaraly çäreler bilen bellenilip geçilýär. Bu halkara sene jemgyýetimiziň agzybirliginiň, sagdynlygyň we ruhy galkynyşyň nyşanyna öwrüldi.

Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, medeni-sazly çäreler we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dabaralar guralýar. Bu çäreler Türkmenistanyň dünýäde sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmündäki abraýyny has-da belende galdyrýar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralar halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýyp, Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanmagyna hyzmat edýär.

Şirin ŞIRLIÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.