Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Fijital-sport ýaryşlary

2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» diýen şygar astynda Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň hereketli we sanly görnüşleri boýunça guralýan ýaryşlaryň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli badalga berlen bu ýaryşyň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Ýaryşlaryň fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-tennis we fijital-küşt boýunça geçirilýändigini ýatladýarys. 

«Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» diýen şygar astynda dowam edýän ýaryş 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde tamamlanar.

 

Şemşat MÄMMETGELDIÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.