Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde tamamlanan 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýetginjekler tennis topary 15 orundan dördünji orny eýeledi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Altynjy belgi bilen bellenen Türkmenistanyň toparynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Süleýman Hudaýberdiýew, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aly Geldiýew we A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew dagy çykyş etdiler.
Birinji tapgyrda ildeşlerimiz Omanyň toparyny 3:0 hasabynda utup, Mýanmanyň we Singapuryň (ikinji orun) toparlarynyň ikisindenem 2:1 hasabynda üstün çykyp, «B» toparçada birinji orny eýelediler. Çärýek finalda türkmen ýetginjekleri bäşlik belgi astynda oýnaýan filippinli deň-duşlaryny 2:0 hasabynda ýeňdiler.
Öňki duşuşyklarynda köp güýç sarp eden tennisçilerimiz ýarym finalda üçünji belgi astynda çykyş edýän Wýetnam toparyna garşy-da mynasyp garşylyk görkezdiler. Netijede wýetnamlylar iki sagada golaý dowam eden ýekeleýin duşuşykda kynlyk bilen 2:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Beýleki ýarym finalda dörtlük belgi astynda çykyş edýän Malaýziýanyň topary hem hut şunuň ýaly hasap bilen ýaryş guraýjyny, ýagny birlik san astynda çykyş edýän Şri-Lankanyň toparyny utdy. Şri-Lankanyň topary üçünji orun ugrundaky duşuşykda köp tagalla edip, jübütleýin duşuşykda Türkmenistanyň toparyny 2:1 hasabynda utdy.
Şeýlelikde, türkmen tennisçileri şu ýaryşlara gatnaşan ýyllarynda iň gowy netijäni gazanmak bilen, «DCJ Aziýa/Okeaniýa» deslapky saýlama tapgyrynda çykyşyny dördünji orunda tamamladylar.
Türkmen tennisçileri 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň deslapky saýlama ýaryşyna şahsy tälimçileriniň we Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň kapitany Gurbanberdi Gurbanberdiýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar.
Ýatladýarys: Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy Halkara tennis federasiýasy (ITF) tarapyndan 1985-nji ýylda 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogy hökmünde döredilip, 2002-nji ýylda häzirki adyna eýe boldy. Her ýyl dürli ýurtlar sebitleýin saýlama ýaryşlaryna gatnaşýarlar we şol ýaryşlaryň ýeňijileri final tapgyrynda çempionlyk ugrunda bäsleşýärler.