Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Saglyk hereketden başlanýar

Uly üýtgeşmeler ýönekeý ädimlerden başlanýar. Mysal üçin, welosipedli gezelenç etmek. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda geçiriljek Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna seredeniňde, şu pikir öz-özünden döreýär.

Soňky ýyllarda «sagdyn durmuş ýörelgesi» diýen düşünje watandaşlarymyzyň hemişelik hemrasyna öwrülýär. Adamlar sport bilen diňe zerur bolandygy üçin däl, eýsem, isleg bilen meşgullanýarlar. Köpçülikleýin welosipedli ýöriş hem hut şonuň nyşanydyr: ol bäsleşik däl-de, sagdynlygyň, ruhubelentligiň baýramydyr. 7-nji aprelde geçiriljek bu ýöriş welosipedli hereket edýän adamlaryň müňlerçesini paýtagtymyzyň köçelerine jemlär. Ol birnäçe nesilleri, dürli kärdäki adamlary birleşdirýän giňişlik bolar. Dürli wezipeli ýolbaşçylardan başlap, talyplara, türgenlere we ýaş nesillere çenli hemmeleriň deň hatarda hereket etmegi jemgyýetde agzybirlik duýgusyny güýçlendirýär.

Şeýle çäreleriň başga bir möhüm aýratynlygy bar: olar sporty diňe türgenleriň işi hökmünde däl, eýsem, hemmeler üçin elýeterli gymmatlyk hökmünde görkezýär. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek ýaryşlar, milli oýunlar, görkezme çykyşlary — bularyň ählisi sportuň diňe netijä däl-de, özüňe bolan ynamy terbiýelemekde ajaýyp mümkinçilikdigini subut edýär.

Ylmy maslahatlaryň hem meýilnama girizilmegi aýratyn ünsi çekýär. Sebäbi sagdynlyk diňe fiziki ýagdaý däldir, nazaryýetde öwrenilenleriň hem jemlenmesidir. Medeniýet bilen sportuň utgaşdyrylmagy bolsa, bu çärä aýratyn öwüşgin berýär. Aýdym-sazly çykyşlar, milli oýunlar — bularyň ählisi sagdynlygyň diňe beden bilen çäklenmeýändigini, onuň ruh bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda geçiriljek çäreler diňe bir baýramçylyk däl, ol sagdynlyga we ruhubelentlige çagyryşdyr.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.