«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV Spartakiadanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde stol tennisi boýunça geçirildi. Bäsleşikde türgenler ýokary derejeli taýýarlyklaryny görkezdiler. Gyzykly hem-de dartgynly geçen ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijiler kesgitlenildi.
1-nji orny 11-nji sport mekdebiniň topary eýeledi. 2-nji orna Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasynyň 1-nji topary mynasyp boldy. 3-nji orny bolsa Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasynyň 2-nji topary eýeledi. Ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar we sowgatlar gowşuryldy.
www.sportcom.gov.tm