Türkmenistanyň söweş sambosy boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri 23-nji mart — 13-nji aprel aralygynda Taýland Patyşalygynyň Koh Samui adasynda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýarlar. Toparda 28 türgen we 3 tälimçi bar. Bu sport çäresine gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyz 23-nji mart — 14-nji aprel aralygynda dostlukly ýurtda iş saparynda bolýar.
***
Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň agzalary 19-njy aprel — 10-njy maý aralygynda Gruziýa Respublikasynyň Gori şäherinde geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşarlar. Toparda 30 türgen we 11 tälimçi bolar. Bu halkara sport çäresine gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyz 19-njy aprel — 10-njy maý aralygynda dostlukly döwletde iş sapary bilen bolar.
***
Türkmenistanyň jiu-Jitsu boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri 25-nji aprel — 16-njy maý aralygynda Tailand Patyşalygynyň Koh Samui adasynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşarlar.
Toparda 28 türgen we 3 tälimçi bar. Bu iri halkara sport çäresine gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyz 25-nji aprel — 17-nji maý aralygynda dostlukly döwletde iş saparynda bolar.
***
Guralýan okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmaklary milli ýygyndy toparlarymyza ýylyň dowamynda geçiriljek iri halkara, sebit bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegine ýardam eder diýip aýtmak bolar.
www.sportcom.gov.tm