Türkmen tennisçileri Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde 15 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama tapgyrynda ýarym finala çykdylar. Ildeşlerimiz bu ajaýyp üstünlige şu gün çärýek finalda ýaryşyň bäşinji saýlanan topary bolan Filippinleriň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňip mynasyp boldular, Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Duşuşykda ýeňiş hasaby Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Hudaýberdiýew açdy. Ol ýekelikdäki birinji duşuşykda Brendan Zakari Moralesi 1 sagat 15 minudyň dowamynda 6:1, 6:2 hasabynda ynamly ýeňmegi başardy.
Ikinji duşuşykda filippinli Lukas Sebastýan Go oýnuň gidişini üýtgetmek üçin uly tagalla görkezdi. Ol duşuşygyň başyndan bäri Aly Geldiýewe garşy erjellik bilen oýnap, birinji seti taý-breýkde 7:6(5) hasaby bilen öz peýdasyna tamamlady. Düýn Aşgabadyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 14 ýaşly okuwçysy Aly Geldiýew Singapuryň wekili bilen 3 sagatdan gowrak dowam eden agyr duşuşyk geçiripdi. Şeýle gysga wagtyň içinde güýç toplamak her türgene başartmasa-da, Aly birinji setdäki şowsuzlykdan soň ruhdan düşmedi. Ol özüniň ajaýyp beden taýýarlygyny ýene bir gezek subut edip, 3 sagat 2 minut dowam eden bäsleşikde öwrülişik etmegi başardy we indiki iki seti 6:4, 6:4 hasabynda öz peýdasyna tamamlady.
Ýekelikdäki duşuşyklaryň ikisinde-de utulan filippinliler jübütleýin duşuşykdan el çekdiler, sebäbi bu oýun eýýäm ýeňijini anyklamakda hiç hili ähmiýete eýe däldi.
Bu türkmen tennisçileriniň «DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying» ýaryşyndaky yzly-yzyna dördünji ýeňşidir. Mundan ozal olar Omanyň (3:0), Mýanmanyň (2:1) we Singapuryň (2:1) ýygyndylaryny ýeňip, «B» toparçada birinji orny eýelediler. Indi bolsa düzüminde jogapkärli oýunlara gatnaşan jübütleýin görnüşinde güýçli tennisçi Kerimgeldi Guldurdyýew hem bolan Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy ýaryşyň iň güýçli dört toparynyň arasyna goşuldy.
Ýarym finalda türgenlerimiz ýaryşyň üçünji saýlanan topary bolan Wýetnam bilen duşuşarlar. Wýetnamlylar birinji tapgyrda «D» toparçada Nepalynyň, Mongoliýanyň we Ýuwaş umman sebitiniň ýygyndylaryny birmeňzeş 3:0 hasabynda ýeňipdiler, çärýek finalda bolsa dördünji belgili Saud Arabystanynyň tennisçilerini 2:1 hasabynda utmagy başardylar.