Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ýetginjekleriň arasynda sportuň grek-rim göreşi boýunça "Olimp" orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi

Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek ýurdumyzda öňe sürülýän esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ruhubelent ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler.
Şu asylly maksatlardan ugur alnyp 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-12-nji fewraly aralgynda 2010-2011-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda sportuň grek-rim göreşi boýunça "Olimp" orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
Döwletimizde sporta dostlukly gatnaşyklaryň ilçisi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen bimöçber aladalaryň netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýe, sport geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär.
Paýtagtymyz Aşgabatdaky "Olimp" orta sport mekdebinde hem ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta höweslendirmek, geljekki ussat türgenleri ýetişdirmek boýunça uly işleri amala aşyrylýar. Sport mekdebinde ýaşlary watansöýüjilik, halallyk ruhunda terbiýelemek, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn-bedenli, ruhy taýdan arassa, kämil düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirýär. Ýakynda geçirilen sportuň grek-rim göreşi boýunça "Olimp" orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi hem bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy