Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tamamlanan tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyna Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryş ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
Milli ýygyndy toparyň tälimçisi 30 ýaşly Ýuriý Rogusskiý bilen onuň şägirdi Allanur Daýanjowyň arasyndaky erkekleriň ýekelikdäki final duşuşygy uly gyzyklanma döretdi. Geçen aýda olar Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň toparynyň düzüminde ýeňiş gazandylar. Indi bolsa bu iki tennisçi abraýly baýrak ugrundaky aýgytly duşuşykda bäsleşýärler.
Üç sagat 20 minut wagt dowam eden final duşuşygynyň dartgynlylygy-da şundan pes bolmady. Birinji seti Ýuriý Rogusskiý 6:4 hasabynda ýeňdi. Ikinji set A.Daýanjowa 6:0 hasabynda üstünlik getirdi. Aýgytlaýjy setde Allanur goşmaça wagtda 7:6 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny gazandy.
Şu ýylyň aprelinde Mary welaýatyndan 22 ýaşly Allanur Daýanjow ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Indi bolsa ol ikinji milli baýragy gazandy. Ol Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň bäşinji ýyl talyby bolmak bilen, okuwyny tennis bilen üstünlikli utgaşdyrýar.
Üçünji orun ugrundaky duşuşykda Didar Wepamyradowy 6:3, 6:4 hasabynda ýeňen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýene bir ýeňijisi, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň 26 ýaşly tälimçisi Meýlis Orazmuhammedow ilkinji üçlügiň soňky setirini eýeledi.
Bäsleşigiň zenanlaryň arasyndaky bäsleşiklerinde 16 ýaşly Aýnur Möwlamowa garaşylmadyk ýeňiş gazandy. Paýtagtyň 27-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy, ýaryşda dördünji belgili türgen hökmünde çykyş edip, bäsleşigiň dowamynda ynamly oýun görkezdi. Ol ýarym finalda bäsleşigiň birinji raketkasy Leýli Esenowany ýaryşdan çykardy (6:4, 6:4), finalda bolsa Aýlara Kakabaýewany 7:5, 6:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Serdar Bäşimowyň ýaş şägirdi üçin bu üstünlik milli derejedäki ilkinji uly baýrak boldy.
Zenanlaryň arasynda bürünç medala Mary welaýatynyň wekili Jennet Çaryýewa mynasyp boldy. Üçünji orun ugrundaky bäsleşikde ol iki setde-de Leýli Esenowadan üstün çykyp (6:4, 6:4), sebitiň tennis mekdebiniň ýokary derejesini tassyklady.