Aziýa yklymynyň abraýly bäsleşiginde ýurdumyzyň çempiony toparçadaky jemleýji bäşinji tapgyrda Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, utulan-çykdy tapgyryna çykmagy başardy. Arkadag şäheriniň ajaýyp 10 müň orunlyk stadionynda geçirilen duşuşykda toparymyza ýeňiş getiren topy oýnuň 45-nji minutynda Ýazgylyç Gurbanow geçirdi.
Toparçanyň beýleki duşuşygynda Kataryň «Al-Ahli» topary öz meýdanynda Özbegistanyň «Andijon» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy.
Şeýlelikde, «B» toparçada 10 utuk toplan «Al-Ahli» (Katar) topary birinji orny, 7 utuk bilen «Arkadag» topary ikinji orny eýelemegi başardy.
1/8 finalda «Arkadag» toparynyň garşydaşlary öz toparçalarynyň ýeňijileri BAE-niň «Al-Wasl», Iordaniýanyň «Al-Husseýn» ýa-da Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň haýsy hem bolsa biri bolar. Bije çekişlik dabarasy şu ýylyň 30-njy dekabrynda geçiriler.
«Türkmen sporty» gazeti